Nebitgaz pudagynyň işgärleri Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata gatnaşdylar

Nebitgaz pudagynyň işgärleri Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata gatnaşdylar

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Oňa nebit, gaz, geologiýa, gurluşyk, telekeçilik ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem awtomobil we ýol hojalygynyň işgärleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi we beýleki pudaklaýyn düzümler tarapyndan bilelikde gurnaldy.

Çykyşlarda häzirki zaman türkmen döwletinde we jemgyýetinde zenanlaryň yzygiderli artýan orny bellenilip geçildi. Türkmenistanyň zenanlara degişli döwlet syýasatyna aýratyn üns berildi.

Häzirki wagtda zenanlar döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurduň gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýet edaralarynda — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet ulgamlarynda mynasyp wekilçilik edýärler, şeýle hem daşary syýasat ugrunda işjeň gatnaşyp, telekeçiligi üstünlikli ösdürýärler.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň zenanlary döwletiň özlerine görkezýän yzygiderli aladasy, maşgala abadançylygy we ýaş nesli terbiýelemek üçin döredilýän şertler üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat işgärleri Türkmenistanyň enelerine we gyzlaryna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993