6-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda 8-nji mart — Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Dabara «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň zenan işgärleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli zenanlaryna dabaraly ýagdaýda pul sowgatlaryny gowşurmak barada Buýruga gol çekipdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew we «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Wekilmuhammet Ussaýew nebitgaz toplumynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.
Maslahatda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň bitiren hyzmatlary bellenilip, olaryň ýurduň energetika sektoryny ösdürmäge goşýan saldamly goşantlary nygtaldy.
Dabaraly çäre «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi, olarda häzirki zaman döwründe zenanlaryň obrazy wasp edildi.