«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Enedir dünýäniň mähir baýlygy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Nebitgaz toplumynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň, görüm-göreldämiz bolan kümüş saçly ene-mamalarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Medeni-işewürlik merkeziniň, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň wäşileriniň çykyşlaryna tomaşa edildi. Mähriban enelere, zähmetde tapawutlanýan gelin-gyzlara sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzda geçirilýän medeni we syýasy çärelere gatnaşyp, Watanymyzyň ösmegine, özgermegine öz goşantlaryny goşýan edara-kärhanalaryň gelin-gyzlarynyň gutlag çykyşlarynda bahar, eziz Diýar, söýgi, ene mukaddesligi barada giňden gürrüň edildi.