Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, BAE-niň, Hindistanyň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, jins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, bugdaý uny, portlandsement we gazbeton bloklary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 253 million 664 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi, nah matany satyn aldylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993