Türkmenistanda benziniň öndürilişiniň depgini artýar

Türkmenistanda benziniň öndürilişiniň depgini artýar

Türkmenistanda benzin öndürmegiň depginleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurtda benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 122,7 % ýerine ýetirilendigini görkezmek bolar.

Bu ulgamda ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegi nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, şeýle hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işiniň netijeliligi bilen gönüden-göni baglydyr. Olaryň netijeli işleri bolsa, öz gezeginde, nebit we gaz çykarmak boýunça bellenen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegi netijesinde mümkin boldy.

Hususan-da, şu ýylyň ilkinji iki aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça nebit çykarmak meýilnamasy 107,3 % ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti gaýtadan işlemek meýilnamasy 107,1 %, dizel ýangyjyny öndürmek meýilnamasy 106,4 %, çalgy ýaglaryny öndürmek meýilnamasy 102,7 %, suwuklandyrylan gaz öndürmek meýilnamasy 119,7 %, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak meýilnamasy bolsa 106,7 % boldy.

Bu baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanowyň hökümetiň ýakynda geçirilen mejlisindäki hasabatynda beýan edildi. Mejlisiň dowamynda, şeýle hem, ýanwar-fewral aýlarynda nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak hem-de olaryň dünýä bazarlaryna eksport edilýän ýollaryny giňeltmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993