Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň mugallymlary we talyplary Goturdepe nebitgaz ýatagynda göçme okuw sapagyny geçirdiler.
Önümçilik meýdançasynda geçirilen amaly okuwlar talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alan nazary bilimlerini berkitmäge ýardam etdi. Okuwyň dowamynda talyplar 1425-nji belgili guýuda geçirilýän düýpli abatlaýyş işlerine syn etdiler hem-de gije-gündiziň dowamynda 38 tonna «gara altyn» berýän 415-nji belgili guýynyň işleýşi bilen tanyşdylar.
Nebitgaz pudagynyň geljekki hünärmenleri, şeýle hem, çykarylýan nebitiň ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün edýän nebit ýygnaýjy toplumyň enjamlarynyň gurluşyny we iş usullaryny öwrendiler.