12-nji martda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda «Orient Petroleum Inc.» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Kamran Ahmadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we energetika ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Türkmen tarapy söhbetdeşlerine Türkmenistanyň energetika pudagynyň eksport mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Türkmenistanyň dünýäde tebigy gazy öndüriji öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem dünýäniň energetika serişdelerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýa etmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.