Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-nyň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklibi goldady

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-nyň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklibi goldady

13-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw, özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993