«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdiriýetiniň işgärleri 2026-njy ýylda umumy uzynlygy 3,9 müň kilometrden gowrak bolan ýokary basyşly magistral gaz geçirijileri arkaly tebigy gazyň bökdençsiz daşalmagyny dowam etdirýärler. Olaryň netijeli zähmeti Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny hem-de kärhanalaryny gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Müdiriýetiň hünärmenleri 93 sany gaz paýlaýjy bekediň we 14 sany kadalaşdyryjy desganyň işine yzygiderli gözegçilik edip, tehnologik talaplaryň berjaý edilmegine we tebigy gazyň dogry ugradylmagyna göz ýetirýärler. Geçen ýylyň dowamynda ulgam arkaly içerki we daşarky sarp edijilere 42 milliard kub metrden gowrak gaz ugradyldy.
№1 we №2 gulluklara degişli bolan gaz paýlaýjy beketlerde döwrebap ölçeg, kadalaşdyryş we arassalaýyş desgalary gurnaldy. Ýangyç üpjünçiliginde bökdençlikleriň öňüni almak üçin magistral gaz geçirijilerinde yzygiderli öňüni alyş işleri we düýpli abatlaýyş geçirilýär. Hususan-da, 2025-nji ýylda Sakar — Atamyrat we Zerger — Sakar magistral gaz geçirijilerinde könelen turbalar täzeleri bilen çalşyryldy, kebşirleýiş we beýleki dikeldiş işleri ýerine ýetirildi.
Şeýle-de, müdiriýetiň desgalarynda, şol sanda gazy daşary bazarlara eksport etmegi üpjün edýän «Garagum» we «Şatlyk» gaz gysyjy beketlerinde uly göwrümli abatlaýyş işleri geçirildi. «Şatlyk — Garagum» gaz geçirijisiniň birinji ugrunyň 13,7 kilometrlik böleginde düýpli abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Häzirki wagtda ugruň agramly böleginde täze turbalar goýuldy we gurluşyk işleri hereket edýän gaz geçirijisine doly birikdirilýänçä dowam etdirilýär.
Sarp edijileri gaz bilen üpjün etmekde Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesindäki «Döwrebap» bekediniň hünärmenleriniň hem uly goşandy bar. Operatorlar gije-gündizleýin ýangyç akymyna gözegçilik edip, sebitiň kiçi we orta kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.
«Gündogargazakdyryş» müdiriýetiniň başlygy Baýramgeldi Ataýewiň belleýşi ýaly, gazçylaryň ähli tagallalary Türkmenistanyň Prezidentiniň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak we ony içerki hem-de daşarky sarp edijilere bökdençsiz ýetirmek barada goýan wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.