Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Birleşen kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti tarapyndan 2021 — 2025-nji ýyllarda alnyp barlan işleriň hasabat-saýlaw ýygnagy ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler müdirligiň Birleşen kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti tarapyndan ýerine ýetirilen işleri hem-de ýetilen belent sepgitleri, ähli edara-kärhanalarda ruhubelent zähmet çekýän zähmet adamlarynyň talabalaýyk iş orunlarynda öndürijilikli işlemekleri hem-de döwrebap dynç almaklary üçin amatlyklaryň döredilendigini mysallara salgylanmak arkaly buýsanç bilen beýan etdiler.
— Müdirligimiziň önümçilik edaralary gaz gysyjy, gaz arassalaýjy, gaz guradyjy desgalar hem-de elektrosuw üpjünçiligi we elektrohimiýa gorag gullugy ýaly çylşyrymly düzümlerden ybarat. Şol ýerlerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň howpsuz we amatly iş şertlerinde işlemegini gazanmak, çekilen päk zähmetden soňra medeniýetli dynç alşyny guramak, önümçiligiň öňdebaryjylaryny höweslendiriji baýraklar bilen ruhlandyrmak zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk hünärmenleri bilen birlikde, biz — kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň işgärleriniň möhüm wezipeleri bolup durýar — diýip, müdirligiň Birleşen kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň başlygy Berdinazar Meredow öz çykyşynda aýratyn belläp geçdi.
Maslahatyň dowamynda müdirligiň baş inženeri Jemşit Toýlyýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow, müdirligiň işgärler bölüminiň başlygy Joşgun Annageldiýew, hukuk we resminamalar bölüminiň başlygy Öregylyç Annagylyjow, düýpli gurluşyk boýunça orunbasary Ahmet Garlyýew, ykdysadyýet, zähmet we iş haky bölüminiň 1-nji derejeli ykdysatçysy Aýlar Sapargeldiýewa we önümçilik-tehniki bölüminiň 1-nji derejeli inženeri Akmeňli Jemşidowa dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy.