HNGU-da nebitgaz pudagynda sanly çözgütleriň orny maslahatlaşyldy

HNGU-da nebitgaz pudagynda sanly çözgütleriň orny maslahatlaşyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Geologiki gözleg işlerinden önümçilige çenli: nebitgaz senagatynda sanly tehnologiýalaryň orny» diýen temada "tegelek stoluň" başynda ylmy seminar geçirildi. Bu çäre nebitgaz pudagynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornuny we olary netijeli ulanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy.

Çykyş edenler seýsmiki maglumatlary emeli aňyň kömegi bilen çalt we takyk seljermegiň mümkinçilikleri; Geologiki modelleri döretmekde maşyn öwrenmesi usullarynyň ulanylyşy; Buraw işlerini geçirmekde emeli aňyň orny ýaly ugurlar boýunça maglumat berdiler.

Mundan başga-da, burawlamagyň dowamynda nämälim şertlerde-de netijeli işlemäge ukyply emeli aň ulgamlaryny döretmek we burawlamagyň tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalar barada durup geçildi.

Seminara gatnaşyjylar özara pikirleri, teklipleri we täze ylmy çemeleşmeleri alyşdylar. Bu bolsa nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmakda döwrebap tehnologiýalaryň berýän mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat almaga şert döretdi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993