Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK-a “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça şertnama baglanyşmaga rugsat berdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK-a “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça şertnama baglanyşmaga rugsat berdi

20-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPC) ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, olaryň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek hem-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň gaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynda dostluk saparynda bolandygyny aýtdy hem-de bu saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem gepleşikler geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny has-da artdyrmaga, köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini aýdyp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993