2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
“Ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugrudyr. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçilige eýedirler” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
“Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak we türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyga gol çekildi. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bu gaz geçiriji ulanmaga berildi. Şol günden başlap, ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan her ýyl Hytaýa 40 milliard kub metre golaý gazy iberýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
“Häzirki döwürde biz her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde bilelikde işleýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Şeýle gaz strategiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletleýin bähbitlerine, ählumumy ykdysady ösüşiň ýagdaýyna laýyk gelýär. Bu işde energiýa serişdelerini ibermegiň orny barha artýar. Munuň özi deňhukuklylyga, mümkinçilikleriň hem-de geljegiň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşini görkezýär.
“Ahyrky netijede, bu turba geçiriji energiýa taslamalaryna ähli gatnaşyjylaryň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitlerini hasaba almagyň hakyky, iş ýüzündäki mysalydyr. Şu ýerde dünýä bazarlaryny energiýa çig maly bilen ygtybarly we howpsuz üpjün etmek bilen bagly soraglarda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny bellemek ýerlikli bolar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
“Men ýene-de bir örän möhüm wakany nygtamak isleýärin. Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu taslama tebigy gazyň her ýylda 10 milliard kub metrini goşmaça ibermäge niýetlenendir.” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Şeýlelikde, uzak möhletleýin bökdençsiz ulanmak üçin türkmen energiýa serişdelerini Hytaýa eksport etmegiň kuwwatly üpjünçilik ulgamlary bilelikde, yzygiderli we gyşarnyksyz ösdürilýär. Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmäge köp ýyllaryň dowamynda gatnaşýan hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň ak ýürekli işleýändiklerini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda hytaýly hünärmenleriň işi dowam eder we giňeler. Bu bolsa iki ýurduň düýpli bähbitlerine, Aziýa yklymynda energetika durnuklylygynyň hem-de howpsuzlygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.