Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
“Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar” diýlip habarda nygtalýar.
Şol bir wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Şol saparyň çäklerinde HHR-nyň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar agzalan saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.
Ýatladyp geçsek, 18-nji martda Hytaýda Gahryman Arkadagymyzyň HHR-nyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine uly üns berildi. Taraplar, şeýle hem, ulag-logistika ulgamynda, tehnika üpjünçiliginde, «ýaşyl» energetikada we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşurdy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desganyň we şol möçberdäki harytlyk gazy taýýarlamak üçin ulanyş guýularynyň taslamasyny düzmek hem-de olary «açary tabşyrmak» şertinde gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şunlukda, Türkmenistanyň we Hytaýyň liderleriniň arasynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar anyk işler we nebitgaz ulgamyndaky täze iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baýlaşdyrylýar.