Türkmenistanyň Uzynada nebitgaz ýatagynda 75-nji belgili täze guýuda işler üstünlikli tamamlandy. Bu waka «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleriniň ýokary hünär derejesini ýene-de bir gezek tassyklady.
Täze guýy Hytaýyň ZJ–70–DB kysymly buraw desgasynyň kömegi bilen burawlanyp, 6800 metr çuňluga ýetdi. Guýyny özleşdirmegiň netijesinde gije-gündizde 91,7 kub metr nebit we gaz kondensatynyň durnukly akymy alyndy. Buraw işleri «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň Tagangeldi Amanowyň ýolbaşçylygyndaky topary tarapyndan amala aşyryldy.
«Körpeje» buraw işleri müdirliginiň baş geology Ýegenmyrat Hallyýewiň bellemegine görä, Uzynadadaky bu üstünlikler milli ykdysadyýetiň esasy pudagyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet goldawynyň netijesidir. «Biziň hünärmenlerimiz döwrebap buraw desgalaryny ynamly özleşdirýärler, bu bolsa çuň gatlaklarda işlemäge we uglewodorod serişdelerini netijeli çykarmaga mümkinçilik berýär» diýip, ol nygtady.
Häzirki wagtda Uzynada ýatagynda bir wagtyň özünde üç sany guýuda işler alnyp barylýar. Döwrebap buraw desgalary çuň gatlaklary özleşdirmäge şert döredýär, hünärmenler bolsa Barsagelmez, Günorta Bugdaýly, Atjan, Altyguýy we Ekizek ýataklarynda hem işjeň zähmet çekýärler.
Täze guýy Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyna saldamly goşant boldy we sebitiň nebitgaz çykaryjy möhüm merkez hökmündäki ornuny has-da berkitdi.