Prezident “Türkmengeologiýa” DK-nyň gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklibi goldady

Prezident “Türkmengeologiýa” DK-nyň gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklibi goldady

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, seýsmiki barlag işlerini döwrebap enjamlaryň kömegi bilen geçirmek, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak üçin türkmen geologlary tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak babatda korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993