Wagyz-nesihat çäresi

Wagyz-nesihat çäresi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu duşuşyk ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk kadalary, ýaşlaryň hukuklary we borçlary barada, esasan-da, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem öz çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň, maşgala mukaddesliginiň we ahlak terbiýesiniň ähmiýetini nygtadylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993