Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2026-njy ýylyň başyndan bäri önümçiligiň depginli ösüşini üpjün etdi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2026-njy ýylyň başyndan bäri önümçiligiň depginli ösüşini üpjün etdi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işiniň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy hökmünde 2026-njy ýylyň başyndan bäri gazanylan görkezijileri görkezmek bolar. Kärhanada 96,8 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, dürli kysymly benzinleriň 44,1 müň tonnasy öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu gymmatly ýangyjyň önümçilik ösüş depgini 102,1 % boldy, bu bolsa iş guramaçylygynyň takykdygyndan habar berýär.

Beýleki ugurlarda hem ýokary netijeler hasaba alyndy: dizel ýangyjy - 24 müň tonna (ösüş — 105 %); suwuklandyrylan uglewodorod gazy - 15,9 müň tonna.

Bellemeli zat, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň önümçilik göwrümi 11,5 müň tonna artyp, geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,6 esse ýokarlandy. Şeýle hem, ýylyň başyndan bäri zawodda 4,1 müň tonna nebit bitumy öndürildi.

Önümçiligiň bu okgunly ösüşi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan pudagyň hünärmenleriniň netijeli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin döredilen amatly şertleriň netijesinde mümkin boldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993