HNGU-nyň mugallymlary zehinli okuwçylar bilen taýýarlyk sapaklaryny geçdiler

HNGU-nyň mugallymlary zehinli okuwçylar bilen taýýarlyk sapaklaryny geçdiler

Ýazky dynç alyş günlerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň tejribeli mugallymlary Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynda zehinli okuwçylar üçin taýýarlyk okuwlaryny geçirdiler.

Bu okuwlar Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň martynda kabul eden «Mekdep okuwçylaryny halkara olimpiadalaryna taýýarlamak hakyndaky» 100-nji belgili buýrugyna laýyklykda guraldy. Taýýarlyk okuwlary fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we astronomiýa dersleri boýunça alnyp barlyldy.

Okuwlara Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle hem Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň mekdeplerinden saýlanan 8–12-nji klaslaryň 63 sany zehinli okuwçysy gatnaşdy. Bu möhüm çärä HNGU-nyň mugallymlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993