Ýaponiýa Türkmenistana gazy gaýtadan işlemek we geliý öndürmek ulgamynda taslamalary hödürleýär

Ýaponiýa Türkmenistana gazy gaýtadan işlemek we geliý öndürmek ulgamynda taslamalary hödürleýär

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H.Koýnuma, şeýle hem bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem Türkmenistanyň bazaryna täze ýapon kompaniýalaryny we guramalaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Çubu ýapon uniwersiteti professory tarapyndan hödürlenen, tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwürmek we soňra dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem suwuklandyrylan gazdan geliý öndürmegi ýola goýmak baradaky taslamanyň mümkinçilikleri barada gürreň edildi.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hyzmatdaşy bolan Ýaponiýanyň «Tohkemy Corporation» kompaniýasy tarapyndan suwy arassalamak boýunça tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak barada pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama esaslanýar.

Şeýle-de duşuşykda Ýaponiýanyň «Asia Seed» guramasynyň Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň bilim ulgamynda adam serişdelerini ösdürmek boýunça hödürleýän hyzmatlary barada maglumat berildi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993