«Oguzhan» topary uly hasap bilen ýeňiş gazandy

«Oguzhan» topary uly hasap bilen ýeňiş gazandy

16-njy martdan 1-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň 2013 — 2015-nji ýyllarda doglan ýaş türgenleriniň arasynda hokkeý boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen açyk birinjilikde «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý kluby güýçli oýunlary bilen garşydaş toparlardan tapawutlandy. Ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelen «Oguzhan» topary Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» hokkeý topary bilen finala çykdy. Jemleýji duşuşykda «Oguzhanyň» erjel türgenleri «Bürgüt» hokkeý toparyndan uly hasap (17:2) bilen üstün çykyp, 1-nji ýeri eýelediler.

Açyk birinjiligiň netijesi boýunça «Oguzhanyň» türgenlerinden Begli Gurbangulyýew, Ýunus Amandurdyýew, Ybraim Gaýlyýew dagy ussat oýunçylar, Rahman Ymamgulyýew iň gowy derwezeçi, garşydaşlarynyň derwezesine 39 şaýba girizmegi başaran Yslam Ataýew iň köp şaýba geçiren netijeli oýunçy diýlip yglan edildi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993