Birža söwdalarynda daşarky bazara “EKO 93” kysymly ulag benzini ýerlenildi

Birža söwdalarynda daşarky bazara “EKO 93” kysymly ulag benzini ýerlenildi

7-nji aprelde birža söwdalarynda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “EKO 93” kysymly ulag benzinini satyn aldylar.

Şeýle hem BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini we dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 15 mln manada we 54 mln ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993