Hökümetiň göçme mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň Lebap welaýatyndaky kärhanalarynyň işi maslahatlaşyldy

Hökümetiň göçme mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň Lebap welaýatyndaky kärhanalarynyň işi maslahatlaşyldy

10-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ýetirmek üçin dürli basyşly gaz geçirijilere, gaz paýlaýjy beketlere, gaz sazlaýjy enjamlara netijeli hyzmat edilýär.

Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gidrogeologlary tarapyndan Lebap welaýatynyň çäklerinde buraw işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Bulardan başga-da, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägini, “Malaý”, “Naýyp”, “Kükürtli”, “Balguýy”, “Gazojak”, “Kerpiçli”, “Bagaja” gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, içerki sarp edijileri we eksport ugurlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çäginde ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, “Bagajadaky”, “Naýypdaky” suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak babatda zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, gaz çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993