Dostluk saparyna bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi

Dostluk saparyna bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly sapary barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Dabaraly çärede çykyş edenler soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini, özara hyzmatdaşlygyň Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine, ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň dostlukly ýurda ekologik taýdan arassa ýangyjyň durnukly eksportyny üpjün etmek we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993