“Türkmengaz” DK we «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» “Galkynyş” känini özleşdirmegiň IV tapgyry boýunça şertnama gol çekdiler

“Türkmengaz” DK we «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» “Galkynyş” känini özleşdirmegiň IV tapgyry boýunça şertnama gol çekdiler

“Türkmengaz” döwlet konserni we «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» hytaý kompaniýasy “Galkynyş” känini özleşdirmegiň IV tapgyry boýunça şertnama gol çekdiler.

Gol çekmek dabarasy şu gün Aşgabatda geçirilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde boldy.

Bu şertnama gol çekilmegi gaz pudagyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüş taryhynda täze sahypany açýar. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny ep-esli artdyrmaga we "mawy ýangyjyň" eksport gerimini giňeltmäge ýardam eder.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993