“Türkmengaz” we CNPC giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler

“Türkmengaz” we CNPC giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan bilen HHR-iň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejeli umumy mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çykyş etdi. Ol hytaýly hyzmatdaşlar bilen köp ýyllyk özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy netijelerini jemledi we hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryna häsiýetnama berdi.

Maksat Babaýew öz çykyşynda ýigrimi ýyllyk döwürde «Türkmengaz» we CNPC kompaniýalarynyň amala aşyran taslamalarynyň öz gerimi boýunça Merkezi Aziýa sebitinde meňzeşiniň ýokdugyny nygtady. «Galkynyş» känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde ýylda jemi 30 milliard kubometr harytlyk gaz öndürmäge ukyply üç sany gaz gaýtadan işleýän zawod gurlup, ulanmaga berildi. Garagum sährasynyň iň agyr klimat we geologik şertlerinde gurlan bu desgalar häzirki wagtda kadaly tertipde işläp, ýurduň içerki sarp edişini we eksport iberilmelerini durnukly üpjün edýär.

2007-nji ýylda Amyderýanyň sag kenaryndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň baglaşylmagy möhüm tapgyr boldy. Bu taslamanyň çäginde potratçy iki sany gaz gaýtadan işleýän zawodyň, gazy deslapky taýýarlaýyş desgalarynyň we degişli düzümleriň gurluşygyna 10,7 milliard dollar möçberinde maýa goýdy. Ähli maýa goýumlary özüni doly ödedi. 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli bu taslamadan türkmen tarapynyň gazanan girdejisi 19,2 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir gazyň çykarylyşyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem gaz kondensatyny almak we tehniki kükürt öndürmek arkaly serişdeleriň doly monetizasiýasyny hem amala aşyrdy. Häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» taslamasynda 8 700-e golaý adam işleýär we olaryň 90 göteriminden gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Potratçy türkmen hünärmenlerini Hytaýyň nebit uniwersitetinde okatmak arkaly hünär derejesini ýokarlandyrmak borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Maksat Babaýew «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşlygyň indiki ýigrimi ýyllygyna anyk ileri tutulýan ugurlar bilen gadam basýandygyny belledi: «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny taslama resminamalaryna we şertnamalaýyn borçnamalara laýyklykda durmuşa geçirmek; «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça işleri dowam etdirmek, çünki bu ýerde gazy çykarmagy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar; önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, gaz çykarylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwrebap dolandyryş we monitoring ulgamlaryny ornaşdyrmak;

Maksat Babaýew çykyşynyň ahyrynda CNPC-niň diňe bir potratçy däl, eýsem strategik hyzmatdaşdygyny we taraplaryň özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga meýillidigini belledi. Ýigrimi ýyllyk hyzmatdaşlyk sebitiň ykdysady ösüşine, tehnologik öňegidişligine we energetika howpsuzlygynyň berkitmegine saldamly goşant goşdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993