Hoşallyk maslahaty

Hoşallyk maslahaty

Şu gün, 18-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Italmaz Saparlyýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew dagy çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmeginiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny döredilip, täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Bu barada maslahatda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar, hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli kämilleşdirmek üçin şeýle giň mümkinçilikleriň açylmagy örän uly ähmiýete eýedir.

Dabaraly maslahatda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň eşretli durmuşy, nurana geljegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

  «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň dabaraly çäräniň dowamynda ýerne ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993