17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Forumyň çäklerinde birnäçe mowzuklaýyn mejlisler geçirildi we olaryň dowamynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüş, sebit howpsuzlygy hem-de ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
R.Meredow mejlisde eden çykyşynda sebit durnuklylygyny berkitmek we serhetüsti düzümleýin ulgamlary ösdürmek bilen bagly Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi. Hususan-da, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara söwda geçelgelerini ösdürmäge we Ýewraziýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen tagallalara aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynda energetika ugrunyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Şunda Türkmenistanyň eýerýän diwersifikasiýa ýörelgesiniň energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşýan ähli taraplaryň – öndüriji ýurtlaryň, üstaşyr döwletleriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramly hasaba alynmagyna esaslanýandygy nygtaldy.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna hem aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika durnuklylygyna bagyşlanan üç sany kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Milli derejede Türkmenistan olaryň düzgünlerini durmuşa geçirýär, şol sanda eýýäm hereket edýän “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisiniň üsti bilen, şeýle hem goňşy üstaşyr ýurtlara öz energiýa serişdelerini halkara energetika bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesine hem aýratyn ünsi çekdi. Merkezi Aziýanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda möhüm ulag merkezi bolup durýandygy bellenildi.
Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň netijeli hereket etmegini üpjün etmek üçin sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.