HNGU-da Türkmenistan bilen HHR-iň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy

HNGU-da Türkmenistan bilen HHR-iň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen-hytaý dostlugyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Şolaryň hatarynda gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasynyň» açylmagy, Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmegi, şeýle-de ýakynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bellenilip geçildi.

Çykyş edenler Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynda» ýaş nesle bilim bermek üçin döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdiler. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu merkez türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösüşiniň aýdyň nusgasydyr.

Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2023-nji ýylda gol çekilen Ähtnamanyň we şol resminamanyň çäginde durmuşa geçirilýän taslamalaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde gol çekilen Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşyk hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösýändigine şaýatlyk edýär.

Maslahatyň çäginde döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem boldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993