22-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Azerbaýjanyň ýurdumyzdaky ilçisi Gismet Gýozalowyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejeli özara saparlaryň we duşuşyklaryň möhüm orny bellenilip geçildi.
Şeýle-de, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň, hususan-da, energetika ulgamynda netijeli we amaly hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda nebitgaz pudagyna aýratyn üns berildi diýip, Orient habar berýär.