“Tatneft” KPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy buraw sorujylary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi

“Tatneft” KPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy buraw sorujylary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi

«Tatneft» köpçülikleýin paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 buraw sorujylary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik teklipleri «Nebit-Gaz» gazetinde we «www.oilgas.gov.tm» saýtynda (Tenderler bölümi) resmi çap edilen gününden başlap, on iş gününiň dowamynda berilmelidir.

«Tatneft-iň» Balkanabat şäherinde ýerleşýän  şahamçasy ýurdumyzda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan serwis şertnamasynyň çäginde işleýär. Onuň esasy önümçilik işi Goturdepe nebitgaz käninde jemlenendir.

Şahamçanyň baş wezipesi gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmakdan we nebit çykarylyşyny güýçlendirmek üçin serwis hyzmatlaryny etmekden ybaratdyr. Hususan-da, kompaniýa guýulary düýpli abatlaýar, ozal özleşdirilmedik gatlak böleklerini ulanyşa girizmäge mümkinçilik berýän gapdal sütünleri burawlamak tehnologiýasyny ulanýar hem-de guýularyň abatlaýyş aralygyndaky iş möhletini uzaltmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýar.

Şahamça öz önümçilik kuwwatlyklaryny üpjün etmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak, tehnikalary kärendesine almak we gurluşyk-gurnama işleri boýunça yzygiderli bäsleşikleri geçirip durýar.

«Tatneft-iň» işi Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen strategik hyzmatdaşlyk hökmünde garalýar. «Türkmennebit» DK we «Tatneft» PJ-niň köp ýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygy netijesinde, işlemeýän guýulary dikeltmegiň hasabyna Goturdepe käninde nebit çykarylyşynyň ep-esli artmagy gazanylýar. Ulanylýan döwrebap tehnologiýalar gatlaklaryň nebit berijiliginiň ösmegini üpjün etmäge we guýularyň abatlaýyşsyz iş möhletini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Tatneft» PJ hyzmatdaşlyk şertnamalary, işgärleri okatmak we ýurduň iň irki ýataklarynda nebit berijiligini ýokarlandyrmak usullaryny ornaşdyrmak arkaly türkmen hünärmenlerine öz tehnologik tejribesini işjeň geçirýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993