“PETRONAS” we HNGU akademiki hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýärler

“PETRONAS” we HNGU akademiki hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde (HNGU) «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «PETRONAS» tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda akademiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow myhmanlary uniwersitetiň gurluşy, okadylýan dersler we ýokary okuw mekdebiniň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Hususan-da, ylmyň we bilimiň iň täze gazananlarynyň okuw işine we ýaşlaryň ylmy ukyplaryna ornaşdyrylmagy baradaky işler bellenilip geçildi. Uniwersitetiň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça onlaýn-kurslar guralýar. Şeýle hem, talyplar Malaýziýadaky «PETRONAS» tehnologiýa uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribeliklerine gatnaşýarlar.

2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnama ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gönükdirilen dördünji ylalaşykdyr.

«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň wekili bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, halkara ylmy žurnallarynda makalalary ýazmak we çap etmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Şeýle hem, «PETRONAS» tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz işi, geologiýa, sanly ulgamlar we himiki tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça okuw maslahatlarynyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993