Möhüm wakalara bagyşlandy

Möhüm wakalara bagyşlandy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda «Şa gadamy düşen ýerler gülleýär» atly maslahat geçirildi. Oňa milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň zähmetkeşleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde geçirilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Maslahatda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen şunuň ýaly möhüm wakalaryň adamlaryň ruhuny galkyndyrýandygy, Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň hem halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladanyň aýdyň güwäsidigi aýratyn nygtalyp geçildi.

* * *

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Dost-doganlyk ýörelge — dünýä nusga, görelde» atly şygar bilen maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny tassyklady. Awstriýa Respublikasy bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy uzakmöhletli we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993