Türkmenistan we Hytaý gaz pudagy üçin tehnikalary we enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan we Hytaý gaz pudagy üçin tehnikalary we enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

29-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew forumda çykyş edip, Türkmenistanyň gaz pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda tehnika we enjamlary getirmek hem-de önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak ugruna uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ol hytaýly kompaniýalar üçin amaly ähmiýeti bolan ugurlaryň arasynda konserniň kärhanalary üçin tehnika, enjam we serişdeleriň üpjünçiligini aýratyn görkezdi.

M.Arçaýew hytaýly öndürijileriň «Türkmengaz» döwlet konserniniň taslamalarynda eýýäm möhüm orun tutýandygyny belläp, TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygyny muňa mysal getirdi. Bu taslamada 200-den gowrak ýöriteleşdirilen gurluşyk tehnikasy ulanylýar we olaryň agramly bölegi hytaý öndürijileri tarapyndan getirilipdir. Bu tejribe hytaý tehnikasynyň türkmen taslamalarynyň iň çylşyrymly şertlerinde üstünlikli işleýändigini subut edýär.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde agyr gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalaryň üpjünçiligi; buraw enjamlary we pürkülmä garşy ulgamlar; magistral gaz geçirijiler üçin uly diametrli turba önümleri; gazy taýýarlamak we gaýtadan işlemek desgalary üçin tehnologik enjamlar; kebşirleýiş we izolýasiýa serişdeleri ýaly ugurlar görkezildi.

Şu nukdaýnazardan, Myrat Arçaýew hytaýly kompaniýalary konsern tarapyndan geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem, sanlylaşdyrmak ulgamynda guýulary wagtly-wagtynda gözegçilikde saklaýan ulgamlary, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylmagyny we känleri dolandyrýan utgaşdyrylan platformalary döretmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

«Biz synag taslamalaryny durmuşa geçirmäge we şowly çözgütleri giňden ornaşdyrmaga açykdyrys» diýip, konserniň ýolbaşçysynyň orunbasary sözüniň üstüni ýetirdi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993