Türkmenistanda ECO-93 benzininiň önümçiligi artýar

Türkmenistanda ECO-93 benzininiň önümçiligi artýar

Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda kärhanada 153 million 610 müň manada golaý önüm öndürildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik depgininiň 217,1 göterime, ýagny iki esse we ondan hem köp ýokarlanandygyny görkezýär.

Zawodyň esasy önümi tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan ECO-93 kysymly benzindir. Hasabat döwründe kärhanada öndürilen, ýokary hilli we ekologik talaplara doly laýyk gelýän bu önümler baglaşylan şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradyldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993