“Aýdyň Gijeler” kompaniýasy ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin täze nesil radioterminallaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Biznes Türkmenistan” neşiri kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň müdiri Ruslan Taşowa salgylanyp habar berýär.
Ruslan Taşowyň aýtmagyna görä, radioterminallar ýokary derejeli howpsuzlygy we köpugurlylygy bilen tapawutlanar. Täze enjamlar nebitgaz pudagynda işleýän hünärmenleriň işini ýeňilleşdirmäge we optimizirlemäge gönükdirilendir.
Şeýle hem kompaniýa öz tehnologiýa çözgütlerini, şol sanda köpugurly monobloklary, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň edara we önümçilik infrastrukturasynda ulanmak üçin hödürleýär we bu çözgütler “Galkynyş” käninde hem ulanylyp bilner.
Taşowyň bellemegine görä, kompaniýa uzak wagt bäri ýurduň energetika infrastrukturasyny goldamaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär we pudakdaky edara hem-de önümçilik gurşawlaryna aýratyn üns berýär.