Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri jemlenildi

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri jemlenildi

1-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993