2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

2026-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy. Bu barada 1-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993