Ýaryşlar ökdeleri saýlady

Ýaryşlar ökdeleri saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy»  atly sport hepdeligi geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan erkekleriň we gelin-gyzlaryň arasynda guralan bäsleşiklere «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň türgenleri we sporta höwesjeň ýaşlary gatnaşdylar.

Nebitgaz toplumynyň döwrebap desgalarynda sportuň 9 görnüşi (stoluň üstünde oýnalýan tennis, uly tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, daş götermek, darts) boýunça bir hepde dowam eden bäsleşikler diýseň gyzgalaňly hem çekeleşikli boldy we sagdyn durmuşy ýörelge edinen ýaşlar üçin sport baýramçylygyna öwrüldi. Türgenleri saýlamaklyga, kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmeklige, işgärleriň agzybirligini, özara gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen sport çärelerine şu ýyl höwesjeňleriň has köp gatnaşandygyny bellemelidir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny sütünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige uly üns berýändiginiň, onuň halkymyzyň arasynda giň goldaw tapýandygynyň, sagdyn durmuşyň ýurdumyzda barha çuň kök urýandygynyň subutnamasydyr.

Nebitgaz toplumynda uly ruhubelentlikde şowhunly hem çekeleşikli geçen ýaryşlar ökdeleri saýlady. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993