Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) ilçisi Baýram Baýramow Dubaý şäherinde «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory jenap Abdulkarim Al-Maazmi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky energetika pudagyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýeti, şeýle hem onuň ykdysady gatnaşyklary berkitmekdäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň alyp barýan işleriniň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegidigini belledi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy öz gezeginde institusional hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri we sebitiň energetika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlar barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge we häzirki amaly işler üçin durnukly şertleri üpjün etmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip, Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.