Türkmenistan ulgamy giň gerimde döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkitmegi dowam etdirýär. Bu barada Ýerewanda başlanan «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow mälim etdi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda ýurduň ykdysady durnuklylygyny we durmuş abadançylygyny saklamak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistanda «ýaşyl» energetika geçişi üçin amatly gurşawy kemala getirmek boýunça eýýäm anyk ädimleriň ädilendigi bellenildi. Pudagyň ekologik taýdan üýtgemeginiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny uýgunlaşdyrmak we sebitleri deňagramly ösdürmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy nygtaldy.
Ilaty bökdençsiz energiýa bilen üpjün etmek, täze ugurlar boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we çekilen maýa goýumlaryň bähbitlerinden ähli jemgyýetleriň deň derejede peýdalanmagyny gazanmak möhüm wezipeler hökmünde görkezildi.
Milli meýilnamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. BMG we halkara maliýe institutlary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar daşary goldawyň netijeliliginiň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.