Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler.
Bellenilip geçilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we hukuk tertibine eýerilmegine, ýurtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň mazmunyny düşündirmäge, şeýle-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga aýratyn üns berilýär.
Çykyşlarda ýaş nesliň arasynda watansöýüjilik we ahlaklylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmekde nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryň hem-de pederlerimiziň baý medeni mirasynyň möhüm orun tutýandygy nygtaldy. Bu ugurda milli ahlak ýörelgelerine eýermek, asyllylygy we pespälligi saklamak häzirki zaman ýaşlary üçin nusga bolup hyzmat edýär.
Mundan başga-da, çykyş edenler talyplaryň internetden maksadalaýyk peýdalanmaklary, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň kadalary, şeýle-de ýurdumyzyň awtoýollarynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada durup geçdiler diýlip, www.turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.