Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

7-nji maýda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisinde türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda ulag, energetika hem-de nebitgaz ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmek meseleleri boýunça maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika ulgamynyň strategik ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Hususan-da, “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini hem-de “Lazurit geçelgesini” ösdürmek, şeýle-de port düzümleriniň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine seredilip geçildi.

Mejlisiň işiniň jemleri boýunça bilelikdäki toparyň ýolbaşçylary tarapyndan Teswirnama gol çekildi. Resminamada gazanylan ylalaşyklar berkidilip, Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler kesgitlenildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gruzin wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993