Puyang Shengyuan hytaý kompaniýasy Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemek boýunça taslamany durmuşa geçirmegi teklip edýär

Puyang Shengyuan hytaý kompaniýasy Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemek boýunça taslamany durmuşa geçirmegi teklip edýär

Hytaýyň Puyang Shengyuan nebithimiýa topary Türkmenistanyň gaz gorlaryny senagat taýdan ulanmagy giňeltmäge gönükdirilen iri gaz gaýtadan işleýiş taslamasyny durmuşa geçirmegi teklip edýär. Bu başlangyç barada kompaniýanyň prezidenti Wan Siçen Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürler-forumynda mälim etdi.

Taslama nebithimiýa ulgamy, Oba hojalygy we energetika ýaly üç sany önümçilik ugruna esaslanýan toplumlaýyn gaz gaýtadan işleýiş toplumy hökmünde meýilleşdirilýär.

Bu meýilnama tebigy gazyň goşulan bahasyny ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de logistika, hyzmatlar we maşyngurluşyk ýaly ugurdaş pudaklaryň ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Taslamanyň esasy bölegi ýylda 1,8 million tonna metanol öndürýän zawod, şeýle hem ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen önümçiligidir. Bu barada business.com.tm saýty habar berýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993