11-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «PETRONAS» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny bellediler.
Döwlet Baştutany şu saparyň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň saparyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekde, anyk çäreleri durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy.
Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.
Myhmanlar mümkinçilikden peýdalanyp, «PETRONAS» kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Malaýziýa bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.