Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň wekilleri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň wekilleri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

12-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Taraplar ýurdumyzyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hazar deňzindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri barada pikir alyşdylar. Tan Şri Mohd Hassan Marikan Malaýziýanyň harytlyk gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek we burawlamak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Malaýziýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň strategik ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza amala aşyrjak saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen döwrüň içinde «PETRONAS» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamakda uly goşant goşan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekili kompaniýanyň bu ugurda birnäçe teklipleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Ýangyç-energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetine ýokary baha berilýändigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy we pursatdan peýdalanyp, kompaniýanyň işgärlerini bu iri energetika düzüminiň Türkmenistanda işe başlamagynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993