14-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklary bellenildi.
Taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmekde möhüm orun tutýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ugurda birnäçe senagat desgalaryny taslamalaşdyrmakda, gurmakda we döwrebaplaşdyrmakda işjeň gatnaşýan «Hyundai Engineering», «LG International» hem-de «Daewoo E&C» kompaniýalary öňdebaryjy hyzmatdaşlar bolup durýarlar.
Bilelikde amala aşyrylan iri taslamalaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyny, «Galkynyş» ýatagyndaky harytlyk gazy arassalaýjy zawody, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) täze tehnologik ulgamlary gurnamak boýunça birnäçe taslamalary we beýlekileri görkezmek bolar.
Häzirki wagtda «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasy täze taslamalara, şol sanda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde, «Hyundai Engineering» kompaniýasy Gyýanlydaky polimer zawodynyň işini durnuklaşdyrmak boýunça taslamalaryň ikinji tapgyrynyň üstünde işleýär.
Türkmen kompaniýalarynyň koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýän ähli taslamalary tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemäge, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmäge we ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.