«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory 11—14-nji maý aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin onlaýn formatda «Gara altyn» mowzugy boýunça ýörite sapak geçdi.
Çykyşyň dowamynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň häzirki zaman meýilleri, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aňa esaslanýan çözgütleriň önümçilikde ulanylyşy giňişleýin gözden geçirildi. Känleri gözlemegiň, olaryň gorlaryny bahalandyrmagyň we çykarylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň döwrebap usullaryna sapakda aýratyn üns berildi.
Şeýle hem professor önümçilik proseslerini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän ýokary takyklykly geologik-analitik usullaryň, monitoring ulgamlarynyň we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada gürrüň berdi.
Sapaklaryň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlary gowşuryldy. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, tutuş 2026-njy ýylyň dowamynda Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professorlary tarapyndan hem onlaýn, hem-de ýüzbe-ýüz formatda sapaklaryň guralmagy meýilleşdirilýär. Şol okuw maslahatlary nebit çykaryş pudagyna döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmagyň geljegi baradaky mowzuklara bagyşlanar diýlip, www.turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.