“Türkmengeologiýa” DK-nyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklibi makullady

“Türkmengeologiýa” DK-nyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklibi makullady

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli dowam etdirilýär. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şu ugurda işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak, gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993