Pudagyň geljegi bilimli ýaşlaryň elinde

Pudagyň geljegi bilimli ýaşlaryň elinde

Golaýda nazary bilimleri önümçilik tejribesini utgaşdyrmak maksady bilen, «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynda talyplar üçin ýörite göçme okuw sapagy geçirildi.

Göçme sapagyň esasy wezipeleri talyplaryň okuw mekdebinde alan nazary bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmekden, olary gaz gysyjy desgalaryň işleýiş ýörelgeleri, tehnologik enjamlar we howpsuzlyk kadalary bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Okuw sapagynyň dowamynda tejribeli inženerler we hünärmenler talyplara giňişleýin maglumat berdiler. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen hünärmenlere ýüzlenip, desgalaryň durmuşy we iş kadasy barada anyk jogaplary aldylar.

«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň goldawy bilen guralan bu çäre bilim ojaklary bilen önümçiligiň arasyndaky arabaglanyşygy has-da pugtalandyrdy. Bu bolsa geljekde kämil, tejribeli we döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň nebitgaz pudagyna gelmegini üpjün eder.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993